Philips PerfectCare 7000 PSG7014/10 - Instrukcja obsługi - Strona 32

Philips PerfectCare 7000 PSG7014/10 Generator pary – Instrukcja obsługi w formacie pdf, czytaj online za darmo. Mamy nadzieję, że okaże się ona pomocna w przypadku jakichkolwiek pytań związanych z użytkowaniem urządzenia.

Jeśli nadal masz wątpliwości, zadaj pytanie w komentarzach pod instrukcją.

"Ładowanie instrukcji" oznacza, że musisz poczekać na pobranie pliku, aby móc go przeczytać online. Niektóre instrukcje są bardzo obszerne, a czas ich ładowania zależy od szybkości łącza internetowego.
Strona:
/ 39
Ładowanie instrukcji

137

Enjamy ulanmak

OptimalTEMP tehnologiýasy

Duýduryş: Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň.

OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden we geýimleri sortlamazdan islendik

görnüşli matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.

Ütügiň dabany gyzgyn wagty ony ütük tagtasynyň üstünde goýmak howpsuz bolup durýar (Şekil 6), ütügiň

platformasyna ýerleşdirmek zerur bolmaýar. Şeýle etmeklik siziň bilegiňize düşýän agramy azaltmaga

ýardam berýär.

-

Şu nyşanlar bar bolan matalar (Şekil 7), mysal üçin, çit, pagta, polýester, ýüpek, ýüň, wiskoza we emeli

ýüpek, ütükläp bolýar.

-

Şu nyşany bar bolan matalary (Şekil 8) ütükläp bolmaýar. Bu matalara spandeks ýa-da elastan, spandeks

goşulan matalar we polioefirler ýaly sintetik matalar (mysal üçin, polipropilen) degişli. Geýimlere çap

edilen zatlary hem ütüklemek bolmaýar.

Ütüklemek

1

Bug öndürijini durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň.
Bellik: Howpsuz ütüklemegi üpjün etmek üçin enjamyň esasyny elmydama durnukly, tagtasynyň ölçegi

bug öndürijilere laýyk gelýän ütük tagtasynda goýmak maslahat berilýär.

2

Suw gabynda ýeterlik suwuň bardygyny anyklaň (“Suw gabyny doldurmak” bölümine serediň).

3

Elektrik dürtgüjini topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň we bug öndürijini açmak üçin açýan/

öçürýän düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra birsyhly ýanýança garaşyň (Şekil 9). Bu

takmynan 2 minut wagt alýar.

4

Bug üpjünçilik şlangasyny bug üpjünçilik şlangasy saklanýan bölümden çykaryň.

5

Ütügi onuň platformasyndan aýyrmak üçin göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 10).

6

Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň (Şekil 11).
Bellik: Birinji gezek ulanylanynda buguň çykyp başlamagy üçin bug goýberiji düwmäni 30 sekunda çenli

dowamly basyp saklaň. Ütük uzak wagtlap ulanylmadyk bolsa, ol has köp wagt alyp biler.

7

Ütüklemekde iň oňat netijeleri gazanmak üçin bug bilen ütükläniňizden soň ütügi birnäçe gezek bugsuz

degriň.

MAX sazlamasy

Has çalt ütüklemek we has köp mukdarda bug çykarmak üçin MAX sazlamasyny ulanyp bilersiňiz.

1

Çyrasy ak reňkde ýanýança açýan/öçürýän düwmäni 5 sekuntlap basyp saklaň.

2

Enjamyňyz energiýany tygşytlamak üçin 15 sekuntdan soň awtomatik usulda adaty iş tertibine gaýdyp

barýar.

3

Bolmasa, islendik wagt adaty bug tertibine geçirmek üçin çyra gaýtadan gök ýanýança açýan/öçürýän

düwmäni 2 sekuntlap basyp saklaň.

Güýçli bug funksiýasy

Güýçli bug funksiýasy aýrylmasy kyn ýygyrtlary düzetmäge ýardam bermek üçin niýetlenilýär.

-

Güýçli bug funksiýasyny işjeňleşdirmek üçin bug goýberiji düwmä çaltlyk bilen iki gezek basyň. Enjam 3

gezek güýçli bug çykarýar.

-

Güýçli bug funksiýasyny duruzmak üçin bug goýberijini bir gezek basyň.

Dikligine ütüklemek

Duýduryş: Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip ýören geýimindäki ýygyrtlary aýyrmaga

synanyşmaň (Şekil 12). Özüňiziň ýa-da başgasynyň eliniň golaýynda enjamdan bug çykartmaň.

Türkmençe

instrukcjapopolsku.pl
Nadal masz pytania?

Nie znalazłeś odpowiedzi w instrukcji lub masz inne problemy? Zadaj pytanie w poniższym formularzu i opisz szczegółowo swoją sytuację, aby inni użytkownicy i eksperci mogli udzielić ci odpowiedzi. Jeśli wiesz, jak rozwiązać problem innej osoby, podziel się swoją wiedzą :)