Philips AMF220/15 - Instrukcja obsługi - Strona 59

Philips AMF220/15 Oczyszczacz powietrza – Instrukcja obsługi w formacie pdf, czytaj online za darmo. Mamy nadzieję, że okaże się ona pomocna w przypadku jakichkolwiek pytań związanych z użytkowaniem urządzenia.

Jeśli nadal masz wątpliwości, zadaj pytanie w komentarzach pod instrukcją.

"Ładowanie instrukcji" oznacza, że musisz poczekać na pobranie pliku, aby móc go przeczytać online. Niektóre instrukcje są bardzo obszerne, a czas ich ładowania zależy od szybkości łącza internetowego.
Strona:
/ 78
Ładowanie instrukcji

286

TK

Näsazlyk

Ähtimal çözgüdi

Enjamyň uzak wagtlap

işläp durandygyna

garamazdan howanyň

hili gowulanmaýar.

Gaplaýyş materiallarynyň süzgüçden aýrylandygyny barlaň.

Enjama süzgüjiň dakylyp-dakylmandygyny barlaň.

Datçigiň örtüginiň ýüzüni mata ýa-da tozan sorujy bilen arassalaň;

Datçigiň örtügini açmaň ýa-da iç ýüzüne degmäň.

Otag aşa uly ýa-da daşardaky howanyň hili ýaramaz. Arassalamagyň iň

oňat netijeliligi üçin enjamy işledeniňizde gapylary we äpişgeleri ýapyň.

Binanyň içinde hapalaýjylaryň çeşmeleri bar. Mysallaryň arasynda çilimiň

tüssesini, nahar bişirileninde çykýan tüssäni, ys berijileri, atyry we spirti

görkezmek bolar.

Süzgüjiň hyzmat ömri tamamlanypdyr. Süzgüjiň ýerine täzesini dakyň.

Enjamdan birgeňsi ys

çykýar.

Enjamy birinji gezek ulananyňyzda ondan plastmassanyň ysy çykýar. Bu

adaty ýagdaýdyr.

Enjamdan ýanyk ysy çyksa, ony dessine tokdan aýryň we enjamyň içinde

del närseleriň gaçyp-gaçmandygyny barlamak üçin ony başaşak öwrüň.

Hiç zat tapylmasa, öz Philips dileriňize ýa-da ygtyýarly Philips tehniki

hyzmat merkezine ýüz tutuň.

Süzgüç birneme ulanylandan soň ys çykaryp biler, sebäbi ol binanyň

içindäki gazlary özüne siňdirýär. Süzgüji gaýtadan ulanmak üçin ony

gönüden-göni gün şöhlesiniň aşagynda guratmak arkaly süzgüji

gaýtadan işjeňleşdirmek maslahat berilýär. Ys aýrylmasa, süzgüji çalşyryň.

Enjam gaty sesli işleýär.

Ýokary tizligi saýlasaňyz, galmagalyň derejesi ýokary bolýar.

Howa çykalgasyna islendik bir zat gaçsa, ol hem adaty däl gaty ses

çykmagyna ýol açyp biler. Enjamy dessine öçüriň we del närseleri aýyrmak

üçin ony başaşak öwrüň.

Adaty däl ses bar bolsa, öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek

boýunça merkeze ýüz tutuň.

Süzgüji çalyşdym, emma

enjam henizem süzgüji

çalyşmalydygymy

görkezýär.

Ähtimal, süzgüjiň hyzmat ömrüni hasaplaýjyny nol eden dälsiňiz. Enjamy

açyň. Soňra düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň.

Ýyladyş funksiýasy

işlemeýär.

Howa girelgesiniň ýa-da howa çykalgasynyň beklenmändigini barlaň.

Süzgüjiň ýüzüniň çendenaşa hapa däldigini we howanyň akymyny

bökdemeýändigini barlaň. Şeýle ýagdaýda enjamy goramak üçin ýyladyş

funksiýasy işlemän biler.

instrukcjapopolsku.pl
Nadal masz pytania?

Nie znalazłeś odpowiedzi w instrukcji lub masz inne problemy? Zadaj pytanie w poniższym formularzu i opisz szczegółowo swoją sytuację, aby inni użytkownicy i eksperci mogli udzielić ci odpowiedzi. Jeśli wiesz, jak rozwiązać problem innej osoby, podziel się swoją wiedzą :)