Philips Saeco SM8889/00 - Instrukcja obsługi - Strona 94

Philips Saeco SM8889/00

Ekspres do kawy Philips Saeco SM8889/00 – Instrukcja obsługi, czytaj za darmo online w formacie PDF. Mamy nadzieję, że to pomoże rozwiązać wszelkie problemy, które mogą się pojawić. Jeśli masz dodatkowe pytania, skontaktuj się z nami za pomocą formularza kontaktowego.

Ładowanie instrukcji

579

Türkmençe

2

Kofe çökündileri çekerini aýryň (Sur. 16).

3

PUSH düwmesini (Sur. 17) basyp, gaýnadyş toparynyň tutawajyndan çekiň we ony gaýnadyjydan aýryň
(Sur. 18).

Gaýnadyş toparyny täzeden dakmak

Gaýnadyş toparyny gaýnadyja yzyna salmazdan öň, onuň dogry orunda durandygyny anyklaň.

1

Gaýnadyş toparynyň böwründäki sary silindrdäki okuň gara okuň we N belliginiň deňinde durandygyny
barlaň (Sur. 19).
-

Eger olar deňinde durmaýan bolsa, ryçagy gaýnadyş toparynyň binýadyna degýänçä aşak basyň (Sur.
20).

2

Gaýnadyş toparynyň beýleki böwründäki sary gulp gaňyrçagynyň dogry orunda durandygyny anyklaň.
-

Gaňyrçagy dogry orunda ýerleşdirmek üçin ol iň ýokary ýagdaýa barýança ony ýokaryk itiň (Sur. 21).

3

Gaýnadyş toparyny gapdallardaky (Sur. 22) ugrukdyryjy relsler boýunça gaýnadyja giriziň we öz ornuna
tykgyldy sesi bilen ildirilýänçä itiň (Sur. 23). PUSH düwmesini basmaň.

4

Kofe çökündisi çekerini yzyna salyp, serwis gapysyny ýapyň.

Arassalamak we tehniki hyzmat

Gaýnadyjyňyz size haçan arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirmelidigini maslahat berer.

Wagtly-wagtyna arassalamak we serwis etmek gaýnadyjyňyzy iň gowy ýagdaýda saklaýar hem-de yzygiderli
kofe akyşy bilen uzak wagtyň dowamynda gowy tagamly kofäni üpjün edýär.

Gaýnadyjynyň ähli sökülýän böleklerini haçan we nähili arassalamalydygy barada jikme-jik suratlandyrma
üçin, aşakdaky tablisa ýüz tutuň. Siz

www.saeco.com/care

salgysynda has jikme-jik maglumat we wideo

görkezmeler tapyp bilersiňiz. Haýsy bölekleri gap-gaç ýuwujyda arassalap bolýandygy barada umumy syn
üçin Şekil C serediň.

Bölek

Arassalamagyň wagty

Dolandyryş panelde tapylşy/

Etmeli zat

AquaClean filtri

Gaýnadyjy tarapyndan talap
edilende ýa-da her üç aýda.

ÝAGDAÝ->ARASSALAÝYŞ->AQUACLEAN.
AquaClean filtrini işjeňleşdirmek üçin
görkezilen ädimlere eýeriň.

Gaýnadyjy suw gabyna filtr goýlandygyny awtomatik anyklamaýar. Şol sebäpli dakýan her täze

AquaClean suw filtriňizi "Ýagdaý" menýusynda işjeňleşdirmegiňiz gerek.

AquaClean filtrini ulanyp başlamazdan öň, gaýnadyjyňyz hek kesmeginden doly arassalanan

bolmalydyr.

AquaClean filtrini azyndan her 3 aýdan çalşyryň, hatda gaýnadyjy heniz çalşyrmak gerekdigini aýtmaýan

hem bolsa.

Gaýnadyş topary

Hepdelik

ÝAGDAÝ -> NETIJELIK ->GAÝNADYŞ
TOPARYNY ARASSALAMAK. Gaýnadyş
toparyny aýyrmak we arassalamak üçin
görkezilen ädimlere eýeriň.

Gaýnadyş toparyny gaýnadyja yzyna salmazdan öň, onuň dogry orunda durandygyny anyklaň.

Gaýnadyş toparynyň böwründäki sary silindrdäki ok gara ok we N belliginiň deňinde duran bolmaly (Sur.
19).

"Ładowanie instrukcji" oznacza, że należy poczekać, aż plik się załaduje i będzie można go czytać online. Niektóre instrukcje są bardzo obszerne, a czas ich ładowania zależy od prędkości Twojego internetu.

Inne modele ekspresy do kawy Philips

Wszystkie ekspresy do kawy Philips