Philips FastCare Compact GC6742/20 - Instrukcja obsługi - Strona 37

Philips FastCare Compact GC6742/20
Ładowanie instrukcji

150

Awto-öçürmek

-

Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 15 minutlap ulanylmasa, garaşýan tertibe geçýär. Ütügiň

taýýardygyny görkezýän çyra ýanyp-öçüp başlaýar.

-

Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin bug goýberiji düwmäni basyň. Enjam gaýtadan gyzyp başlaýar.

-

Enjam garaşýan tertibe geçeninden soň ýene 10 minutlap ulanylmasa, energiýany tygşytlamak üçin ol

awtomatik usulda öçýär. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra öçýär.

Duýduryş: Elektrik toguna birikdirilen enjamy hiç haçan gözegçiliksiz galdyrmaň. Ulanyp

bolanyňyzdan soň elmydama enjamy tokdan aýryň.

Arassalamak we abatlamak

Smart Calc-Clean ulgamy

Kesmegi aýyrmagyň we arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin enjamyňyz Smart

Calc-Clean ulgamy bilen işlenip düzülen. Bu enjamdan güýçli buguň öndürilmegini üpjün etmäge we

wagtyň geçmegi bilen ütügiň dabanyndan hapalaryň hem-de tegmilleriň çykmagynyň öňüni almaga

ýardam berýär. Arassaçylyk işiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen enjam belli aralyklar bilen

ulanyja ýatladýar.

Sesli we çyraly Calc-Clean ýatladyjysy

1 - 3 aýlap ulanylanyndan soň Calc-Clean çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar we enjam Calc-Clean işini ýerine

ýetirmelidigiňizi ýatlatmak üçin sesli duýduryş berip başlaýar (Şekil 10).
Mundan başga-da, enjamy çökündilerden goramagyň ikinji gorag ädimi hem ornaşdyrylan: çökündileri

aýyrmak ýerine ýetirilmese, bug funksiýasy işlemän galýar (Şekil 11). Çökündileri aýyrmak ýerine

ýetirileninden soň bug funksiýasy gaýtadan işläp başlaýar. Bu, ulanylýan suwuň görnüşine garamazdan

bolup geçýär.
Bellik: Çökündileri aýyrmak funksiýasyny islendik wagt, hatda sesli duýduryş we ýatladyjy çyra heniz

ýanmadyk bolsa hem ulanyp bolýar.

Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetirmek

Duýduryş: Çökündiler arassalanýan wagty enjamy gözegçiliksiz galdyrmaň.
Seresap boluň: Elmydama Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetiriň. Ütügi

çökündileri aýyrmakda ulanylýan gapdan ýokary götermek arkaly işiň arasyny bölmäň, ýogsam

ütügiň dabanyndan gyzgyn suw we bug çykar.

1

Suw gabyny ýarysyna çenli dolduryň (Şekil 12).
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä enjamyň toga dakylandygyna we IŞLEDILENDIGINE göz

ýetiriň.

2

Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby ütük tagtasynyň üstünde ýa-da başga bir tekiz, durnukly üstde

ýerleşdiriň (Şekil 13).

3

Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 14).

4

Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz CALC-CLEAN düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 15).
Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini

we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň

üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.

5

Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 16).

6

Enjamyň işi tamamlamagy üçin takmynan 2 minut garaşyň (Şekil 17). Calc-Clean tamamlananda ütük

sesli duýduryş bermegini bes edýär we CALC-CLEAN çyrasy ýanyp-öçmegini bes edýär.

7

Ütügi mata bilen süpüriň we ony öz esasynyň üstünde ýerleşdiriň (Şekil 18).

Türkmençe

"Ładowanie instrukcji" oznacza, że należy poczekać, aż plik się załaduje i będzie można go czytać online. Niektóre instrukcje są bardzo obszerne, a czas ich ładowania zależy od prędkości Twojego internetu.

Podsumowanie

Strona 4 - Polski; Wprowadzenie; Wyjątkowa technologia firmy Philips; Technologia Compact ProVelocity; Przygotowanie do użycia; Rodzaj używanej wody; brązowych plam lub uszkodzenie urządzenia.; Napełnianie zbiornika wody

60 Polski Wprowadzenie Gratulujemy zakupu i witamy w gronie użytkowników produktów Philips! Aby uzyskać pełny dostęp do obsługi świadczonej przez firmę Philips, zarejestruj produkt na stronie www.philips.com/welcome . Przed użyciem urządzenia zapoznaj się dokładnie z niniejszą instrukcją obsługi, ul...

Strona 5 - Zasady używania urządzenia; Prasowanie; Ustawienie; Uwaga: nie wolno kierować strumienia pary na ludzi.; Funkcja silnego uderzenia pary; Prasowanie w pozycji pionowej; ). Strumienia pary nie należy kierować na swoją ani czyjąś

61 Polski Zasady używania urządzenia Prasowanie Ustawienie temperatury Automatyczne ustawienie pary Rodzaj materiału SYNTH do ● Tkaniny sztuczne (np. włókno octanowe, akryl, nylon, wiskoza, poliamid, poliester) ●● Jedwab, wełna ●●● do LINEN Bawełna, len 1 Ustaw urządzenie na stabilnej i równej powie...

Strona 6 - Automatyczne wyłączanie; Czyszczenie i konserwacja; Inteligentny system antywapienny Calc-Clean; żelazka zacznie wydostawać się gorąca woda i para.

62 Polski 1 Trzymaj żelazko w pozycji pionowej, naciśnij przycisk włączania pary, delikatnie dotknij tkaniny stopą żelazka i przesuwaj żelazko w górę i w dół ( rys. 9). Automatyczne wyłączanie - Urządzenie przełączy się w tryb gotowości w przypadku, gdy nie było używane przez 15 minut. Wskaźnik goto...

Inne modele generatory pary Philips